Hytaýdan ugran ilkinji ýük otlusy 5-nji noýabrda Türkiýä gelip ýeter

Gatnawda ilkinji saparyň amala aşyrylmagy taryhy ähmiýete eýe

1286555
Hytaýdan ugran ilkinji ýük otlusy 5-nji noýabrda Türkiýä gelip ýeter

Hytaýdan ýola düşen we Marmaraý suwasty geçelgesinden Ýewropa geçjek ilkinji ýük otlusy “Çaýna Railwaý Ekspressiň” 5-nji noýabrda Türkiýä gelmegi meýilleşdirilýär.

Türkiýäniň Döwlet Demirýollary edarasyndan alynan maglumata görä “Çaýna Railwaý Ekspress” Hytaýdan başlan ýolagçylygyny Hazaryň üstaşyr halkara geçelge ugry “Halkara Hazar Üstaşyr Ulag Ugrunyň” üsti bilen amala aşyrar.

5-nji noýabrda Türkiýä gelip ýetmegine garaşylýan otly, Marmaraý suwasty geçelgesinden geçip Türkiýä gelip ýetjek ilkinji otly bolar.



Degişli Habarlar