"Hyzmatdaşlarymyzyň hiç haýsysy Türkiýe ýaly terrorçylykly hüjüme sezewar bolmady"

Stoltenberg NATO-nyň Parlamentarlar Assambleýasynyň Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirlen maslahatynda çykyş etdi

1287866
"Hyzmatdaşlarymyzyň hiç haýsysy Türkiýe ýaly terrorçylykly hüjüme sezewar bolmady"

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg “Legal hovpsyzlyk aladasy bolan ýekeje  hyzmatdaşymyz hem Türkiýe ýaly terrorçylyk hüjüme sezevar bolmady” dýdi.

Stoltenberg NATO-nyň Parlamentarlar Assambleýasynyň Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirlen maslahatynda çykyş etdi.

Geçen hepde Türkiýä guran saparynyň çäginde Prezident R. T. Erdogan ve Daşary işler ministri Mevlüt Çavuşogly bilen duşuşandygyny ýatladan Stoltenberg, şol duşuşyklarynda “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

Stoltenberg “Türkiýäniň legal howpsyzlyk aladasy bar. Hyzmatdaşlarymyzyň hiç haýsysy Türkiýe ýaly terrorçylykly hüjüme sezewar bolmady, Ýakyn Gündogar sebäpli uly durnuksyzlygy başdan geçirmedi, Türkiýe ýaly şeýle köp siriýaly bosguny kabul etmedi” diýdi.

Stoltenberg “Ol ýerde başdan geçirilýän wakalara düşünmegiň ýeke-täk ýoly, Türkiýäniň oýnaýan rolynda göz ýetirmekden geçýär. Türkiýe NATO üçin diýseň möhüm. Diňe DAIŞ-e garşy göreşde däl eýsem birnäçe meselede biz nähili möhümdigini görkezdi. NATO-nyň we halkara koalisiýanyň DAIŞ-i ýeňmeginde Türkiýedäki infstruktura we harby merkezler ulanyldy” diýdi.



Degişli Habarlar