Indoneziýa koronawirusa garşy göreş üçin 25 milliard dollar bölüp aýyrdy

Indoneziýa täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasyna garşy göreş üçin 25 milliard dollar bölüp aýyrandygyny habar berdi

1388581
Indoneziýa koronawirusa garşy göreş üçin 25 milliard dollar bölüp aýyrdy

Ýurdyň Döwlet baştutany Džoko Widodo beren beýanatynda, Kovid-19-a garşy göreş we koronawirusyň ýurdyň ykdysadyýetine berjek zyýanyny ýeňilletmek maksady bilen takmynan 25 milliard dollar goşmaça býujet bölüp aýyrandyklaryny habar berdi. 

Ýurdyň ähli sebitine maliýe taýdan goldawyň beriljekdigini aýdan Widodo, Kovid-19-yň ýurdyň ykdysadyýetine we maliýe ulgamyna ýetirjek ýaramaz täsirini azaltmagy maksat edinýändiklerini mälim etdi. 

Epidemiýanyň ýurtda barha ýaýbaňlanmagy sebäpli ähli ýerde adatdan daşary ýagdaý yglan edendiklerini aýdan Widodo, häzirki ýagdaý sebäpli sebitleýin dolandyryş edaralara merkezi hökümetiň kabul edýän kararlaryny ýakyndan gözegçilik etmekleri barada çagyryş berdi. 

Indoneziýanyň Saglygy goraýyş ministrligi, ýurdyň 34 welaýatynyň 31-inde wirusa gabat gelinendigini, wirusa ýoluganlaryň sanynyň 1528 adama, wirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň bolsa 136-a ýetendigini habar berdi. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #Indoneziýa

Degişli Habarlar