Ispaniýadaky protestler dowam edýär

Ispaniýada rep aýdymçysy Pablo Haseliň tussag edilmegindan soň başlan protestler dowam edýär

1592051
Ispaniýadaky protestler dowam edýär

Ýurtda eýýäm ençeme gün bäri dowam edýän protestlerde demonstrantlar polisiýa ulagyny ýakdylar, dükanlary oda berdiler. Demonstrasiýalarda ýene-de azyndan 10 adam göz tussaglygyna alyndy. 

Ispaniýada rep aýdymçysy Pablo Haseliň tussag edilmeginden soň başlan protestler, zorlukly  hereketlere öwrüldi. Barselonada kärdeşler arkalaşyklyklary we talyplar arkalaşyklyklary bir ýere jemlendiler. Takmynan 4 müň adam ýöriş geçirdi. 

Şäheriň merkezindäki dükanlar talandy. Demonstrantlar banklara hüjüm etdiler, polisiýa ulaglaryny ýakdylar. Polisiýa işgärleri bolsa demontrantlaryň eden-etdiliklerine garşy işe girişdi. Polisiýa gullugynyň işgärleri azyndan 10 adamy göz tussaglygyna aldy. 

Rep aýdymçysy Pablo Hasel terrory öwmek, ýurdyň Şasyna we döwlet edaralaryna dil ýetirmek sebäpli azatlykdan mahrum edilipdi. Haseliň 16-njy fewralda tussaghana ugradylmagyndan soň protestler başlapdy. 



Degişli Habarlar