Italiýadan we Ispaniýadan Türkiýä minnetdarlyk

Italiýanyň we Ispaniýanyň NATO-nyň çäginde iş alyp barýan wekilleri, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine ugradan lukmançylyk enjamlary üçin minnetdarlyk bildirdi

1389426
Italiýadan we Ispaniýadan Türkiýä minnetdarlyk

Twitterden berilen beýanatda Italiýanyň NATO-daky wekilihanasy: "Ýewropa-Atlantik Apat koordinasiýa merkeziniň işjeň ýagdaýa geçirilmeginden soň hyzmatdaşymyz Türkiýe, Italiýa tankydy lukmançylyk enjamlaryny ugratdy" diýip habar berdi. 

"Türk dostlarymyza beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirýäris" diýip bellenen beýanatda: "Bilelikde has güýçlüdiris" we "Biz NATO-dyrys" diýip nygtaldy. 

Ispaniýanyň NATO-daky wekilhanasy hem "Täze görnüş koronawirusa garşy göreşde bilelikdediris" ýüzlenmesi bilen Türkiýä minnetdarlyk bildirdi. 

 



Degişli Habarlar