“Jomart Teklip Üçin Sagbolsun Aýdýarys”

BMG Putiniň teklibini seljerjekdigini beýan etdi

1497135
“Jomart Teklip Üçin Sagbolsun Aýdýarys”

BMG-niň baş Sekretarynyň metbugat Gullugynyň Başlygy Stefan Dužarrij Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň BMG-niň gullukçylaryna tölegsiz koronawirus sanjymynyň etdirilmegi hakyndaky teklibini guramanyň lukmançylyk bölüminiň seljerjekdigini aýtdy.

Dužarrij gündelik metbugat ýygnagynda Putiniň Kowid-19 sanjymy boýunça hödürlän teklibi bilen bagly soraglara jogap berdi.

“Jomart teklip üçin sagbolsun aýdýarys” diýen Dužarrij: “Ylymy hakykatlara laýyklykda işleýäris we şol teklip hem lukmançylyk düzümlerimiz tarapyndan seljeriler” diýdi.

Putin BMG-niň 75-nji Sessiýasynda sözlän sözünde “ Sanjymyzy BMG-niň gullukçylaryna tölegsiz bermegi teklip edýäris” diýipdi.



Degişli Habarlar