Jonson bilen Tramp, Saud Arabystanynda nebit desgalaryna guralan hüjüm hakynda pikir alyşdy

Jonson bilen Tramp şu gün telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1272504
Jonson bilen Tramp, Saud Arabystanynda nebit desgalaryna guralan hüjüm hakynda pikir alyşdy

Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Saud Arabystanynda Aramko firmasyna degişli nebit önümçilik desgalaryna guralan hüjüm hakynda pikir alyşdy.

Britaniýa tarapyndan berlen beýannamada, Premýer ministr Jonson bilen ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň şu gün telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy

Iki lideriň telefon söhbetdeşliginde şenbe güni Saud Arabystanynyň milli nebit firmasy Aramko degişli nebit önümçilik desgalaryna guralan hüjüm hakynda pikir alyşandygy ýatladyldy

Hüjümi ýazgaran Jonson bilen Tramp, halkara jemgyýetçiliginiň hüjüme diplomatiýa taýdan jogap bermelidigini nygtady

Jonson bilen Tramp telefon söhbetdeşliginde Eýran hakynda hem pikir alyşdy



Degişli Habarlar