Kongo Respublikasynyň ozalky Prezidenti koronawirusdan ýogaldy
81 ýaşynda ýogalan Opango, eýýäm ençeme ýyl bäri biri-birinden tapawutly hassahanalarda bejeri alýardy
1388552
Kongo Respublikasyny 1977-1979-njy ýyllar aralygynda dolandyran ýurdyň ozalky prezidenti Žak-Žoaşen Ýombi Opango, täze görnüş koronawirus sebäpli ýogaldy.
Opangonyň ogly Žan-Žoaşen Ýombi Opango, kakasynyň düýn Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheriniň golaýyndaky Neýi-Sýur-Sendäki Amerikan hassahanasynda Kovid-19 sebäpli ýogalandygyny habar berdi.
Kongo döwlet telewideniýesi Tele Kongo, Opangonyň ýogalandygyny tassyklady.
81 ýaşynda ýogalan Opango, eýýäm ençeme ýyl bäri biri-birinden tapawutly hassahanalarda bejeri alýardy.
Degişli Habarlar
Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär
Russiýanyň Ukrainanyň Odessa şäherine guran hüjüminde 5 adam ýogaldy, 29 adam ýaralandy