Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 38 müň adamdan geçdi

Italiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 11 müň adama ýetdi

1388154
Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 38 müň adamdan geçdi

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 36 müň adamdan, wirus ýokaşanlaryň sany hem 800 müň adamdan geçdi

Italiýada koronawirus sebäpli soňky 24 sagatda 812 adam ýogaldy. Ýurtda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 11 müň, hasaba alynanlaryň sany hem 100 müň adamdan geçdi. Häzire çenli 477 müň 359 adam saglyk gözegçiliginden geçirildi.

Fransiýada koronawirus sebäpli soňky 24 sagatda 418 adamyň ýogalmagy bilen ýogalanlaryň sany 3024, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 44 müň 450 adama ýetdi. Ýolbaşçylar oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirlen Pariž Awtoulag sergisiniň epidemiýa sebäli goý bolsun edilendigini mälim etdi.

Koronawirus sebäpli Germaniýada 560 ýogaldy. Ýogalanlaryň arasynda 15 türküň bardygy habar berildi. Hasaba alynanlaryň sany bolsa 64 müň adamdan geçdi.

Britaniýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 180 adam artyp 1408 adama ýetdi. Ýurtda koronawirusa garşy görlen berk çäreleriň dowam etjekdigi nygtalýar. Koronawirus ýokaşanlaryň we ýogalanlaryň sanynyň geljek 2-3 hepde has-da artmagyna garaşylýar.

ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 2513, hasaba alynanlaryň sany 143 müň 55 adama ýetdi. Beýleki tarapdan epidemiýanyň indiki merkeziniň Waşigton bolup biljekdigi barada duýduryş berildi. Waşingtonda, Merilentde we Wiržinýada wirus ýokaşanlaryň sanynyň 4 esse köpelendigine üns çekilýär. Nýu-Ýorkda wirus ýokaşanlaryň sany 66 müň 497 adama ýetdi. Nýu-Ýorkdaky tussaghanalarda soňky 1 hepde azyndan 230 tussagly bilen 130 hünärmene koronawirusyň ýokaşandygy anyklanyldy.


Etiketkalar: #ABŞ , #Italiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar