Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 44 müň adamdan geçdi

Italiýada soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 837 adam artyp 12 müň  428 adamdan geçdi

1388819
Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 44 müň adamdan geçdi

 

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 44 müň, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 859 müň adamdan geçdi. Sagalanlaryň sany hem 176 müň adama ýetdi.

Italiýada soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 837 adam artyp 12 müň  428 adamdan geçdi. Wirus sebäpli ýogalanlaryň lukmanlaryň sany hem 66 adama ýetdi.

Fransiýada koronawirus sebäpli soňky 24 sagatda 499 adamyň ýogalmagy bilen ýogalanlaryň sany 30523, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 52 müň 128adama ýetdi. Ýolbaşçylar oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirlen Pariž Awtoulag sergisiniň epidemiýa sebäli goý bolsun edilendigini mälim etdi.

Britaniýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 393 adam artyp 1808 adama ýetdi. 13 ýaşyndaky Ismail Mohamed Abdulwahaw ýurtda koronawirus sebäpli ýogalan ilkinji çaga boldy. Premýer ministr Boris Jonson halka ýazan hatynda ýagdaýyň ilki has agyrlaşyp biljekdigini nygtady.Ýurtda koronawirusa garşy görlen berk çäreleriň dowam etjekdigi nygtalýar. Koronawirus ýokaşanlaryň we ýogalanlaryň sanynyň geljek 2-3 hepde has-da artmagyna garaşylýar.

Gresiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 43, hasaba alynanlaryň sany 1212 adama ýetdi.

ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany  soňky 24 sagatda 657 adam artyp 3416 adama ýetdi. Wirus ýokaşanlaryň sany 21 müň 555 adam artyp 164 müň 610 adama ýetdi. Prezident Donald Tramp ýurdundaky koronawirus hakynda beren beýanatynda “Öňümizdäki 2 hepde agyr geçer” diýdi.

Dominik Respublikasynda soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 9 adam artyp 51 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 1109 adama ýetdi.

Ekwadorda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 75, hasaba alynanlaryň sany bolsa 2240 adama ýetdi.

Kubada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 6, wirus ýokaşanlaryň sany 186 adama ýetdi.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Italiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar