Koronawirus ýokaşanlaryň sany 859 müň adama ýetdi

Russiýada koronawirus sebäpli 17 adam ýogaldy, 2337 adam hasaba alyndy

1388834
Koronawirus  ýokaşanlaryň sany  859 müň adama ýetdi

 

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 42 müň, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 859 müň adamdan geçdi. Sagalanlaryň sany hem 176 müň adama ýetdi.

Azerbaýjanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 5, hasaba alynanlaryň sany 267, sagalanlaryň sany bolsa 26 adama ýetdi.  Ýurtda 4 müň 602 adam karantina alyndy.

Russiýada koronawirus sebäpli 17 adam ýogaldy, 2337 adam hasaba alyndy.

Belarusda koronawirus sebäpli 75 ýaşyndaky sungat ussady ýogaldy. 152 adam hem hasaba alyndy.Prezident Aleksandr Lukaşenko geçen hepde beren beýanatynda, Kowid-19-a garşy berk çäre görülmegine garşy çykypdy we “Aýakda ölmek, dyzyň üstünde ýaşamakdan has gowydyr. Bu ýerde wirus ýok” diýipdi.

Gazagystanda koronawirus sebäpli 2 adam ýogaldy, wirus ýokaşanlaryň sany 15 adam artyp 340 adama ýetdi.

Ermenistanda Kowid-19 sebäpli 3 adam ýogaldy, 30 adam sagaldy.

Gruziýada koronawirus ýokaşanlaryň sany 110 adama ýetdi. Ýurtda awtobus gatnawy dolulygyna bes edildi.

Yrakda Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 50, hasaba alynanlaryň sany bolsa 694 adama ýetdi.



Degişli Habarlar