Kovid-19-a ýolugýan adamlaryň sany artýar

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany 7 million 678 müň adamdan geçdi

1454455
Kovid-19-a ýolugýan adamlaryň sany artýar

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 574 müň adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 13 million 203 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany bolsa 7 million 678 müň adamdan geçdi. 

Palestinada Kovid-19 sebäpli ýene-de 5 adam ýogaldy we ýene-de 404 adamyň wirusa ýolugandygy anyklandy. Şeýlelik bilen koronawirus epidemiýasy sebäpli adam ýitgisi 41-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 7 müň 441 adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli 13 müňden gowrak adam ýogalan we wirusa ýoluganlaryň sany 260 müňe ýeten Eýranda, Kovid-19 sebäpli metjitler, uniwersitetler, mekdepler, sport merkezleri, kafeler we şüweleň merkezleri 1 hepde möhlet bilen ýapyk bolar. Tähranda 1 hepdäniň dowamynda toýlar, sosial, medeni we ähli dini çäreler gadagan edildi. 



Degişli Habarlar