Kovid-19 epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdýay gowulaşanlaryň sany 44 million 109 müň adama ýetdi

1537619
Kovid-19 epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp abandyrmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 476 müň 540 adamdan geçdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 63 million 697 müň adama, saglyk ýagdýay gowulaşanlaryň sany bolsa 44 million 109 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 482 adamyň ýogalmagy bilen, jemi ýogalanlaryň sany 137 müň 659 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 31 müň 563 adamlyk artyş bilen, jemi 9 million 463 müň 254 adama ýetdi. 

Pakistanda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 8 müň 91 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 400 müň 482 adamdan geçdi. 

Eýranda soňky 24 sagatda ýene-de 382 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany jemi 48 müň 628 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 13 müň 881 adamlyk artyş bilen jemi 975 müň 951 adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli 1 müň 433 adamyň ýogalan Azerbaýjanda, Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 125 müň 600 adama ýetdi. 

Russiýada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 40 müň 464 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 2 million 322 müň 56 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany Indoneziýada 16 müň 945 adama, Yrakda 12 müň 258 adama, Liwanda 1 müň 18 adama, Tunisde bolsa 3 müň 260 adama ýetdi. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli jemi 341 adamyň ýogalan, soňky 1 günde bolsa adam ýitgisi çekilmedik Bahreýnde, wirusa ýoluganlaryň sany 86 müň 956 adama ýetdi. 

Günorta Koreýada Kovid-19-a ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 451 adam artyp, jemi 34 müň 652 adama ýetdi. 

Hytaýda soňky 1 günde koronawirus epidemiýasy sebäpli adam ýitgisi çekilmedi, wirus ýokanlaryň sany bolsa 12 adam artyp, jemi 86 müň 542 adama ýetdi. 

Afrika materiginde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 263 adamlyk artyş bilen, 52 müň 83 adama ýetdi. Materikde wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 müň 397 adamlyk artyş bilen, 2 million 187 müň 33 adama ýetdi. 

 



Degişli Habarlar