Kovid-19 howpy dünýä ýurtlaryna zyýan ýetirýär

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 7 million 611 müň 217 adamdan geçdi

1454257
Kovid-19 howpy dünýä ýurtlaryna zyýan ýetirýär

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 572 müň 231 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 13 million 62 müň 779 adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 7 million 611 müň 217 adamdan geçdi.

Hytaýda soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli adam ýitgisi çekilmesede, wirusa ýoluganlaryň sany ýene-de 8 adam köpelip, jemi 83 müň 602 adama ýetdi. 

Günorta Koreýada ýene-de 62 adamyň Kovid-19-a ýolugandygy anyklananyndan soň, ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 13 müň 479 adama ýetdi. Şu günden başlap ýurda Kovid-19 taýdan ýokary riskli hökmünde kesgitlenen ýurtlardan gelen daşary ýurtly raýatlardan, wirus test netijeleriniň otrisateldigini subut edýän resminama görkezmeklerini islär. Günorta Koreýanyň ilçihanalarynyň internet saýtlarynyň berýän habaryna görä, ýokary riskli ýurtlaryň arasynda Bangladeş, Pakistan, Gazagystan we Gyrgyzystan bar. 

Hindistanda soňky 1 günde ýene-de 500 adamyň Kovid-19 sebäpli ýogalmagy bilen, ýurtdaky adam ýitgisi 23 müň 200 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 28 müň 701 adam artyp 879 müň 904 adama ýetdi.

13 müň 32 adamyň ýogalan Eýranda wirusa ýoluganlaryň sany 259 müň 652 adama ýetdi.

Yrakda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 95 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 3150 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2312 adam artyp, jemi 77 müň 506 adama ýetdi.

Russiýada soňky 1 günde ýogalan adamlaryň sany 104 adam artyp, 11 müň 439 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 6 müň 537 adam artyp 733 müň 699 adama ýetdi. 

3606 adam ýitgisi çeken we wirusa ýoluganlaryň sany 75 müň 699 adama ýeten Indoneziýada Kovid-19 sebäpli mart aýynda ýapylan mekdepler ýaňadandan açyldy.

Afrika materiginde ýogalan adamlaryň sany 13 müň 285 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 598 müň 236 adama ýetdi.

Afrika materiginde Kovid-19 sebäpli şu günki güne çenli iň köp adam ýitgisi 4079 adam bilen Günorta Afrika Respublikasynda bellige alynan bolsa, Müsürde 3858 adam, Alžirde 1011 adam, Nigeriýada 740 adam we Sudanda 650 adam ýogaldy.

Seýşel adalarynda, Eritreýada we Ugandada koronawirus epidemiýasy sebäpli adam ýitgisi çekilmedi.

Günorta Afrika Respublikasynda wirusa ýolugan adamlaryň sany 276 müň 242 adama, Müsürde 82 müň 70 adama, Nigeriýada bolsa 32 müň 558 adama ýetdi. 

Afrika materiginde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany 300 müňe golaýlady.

Ýogalan adamlaryň sany hepdelik maglumat berilýän Gazagystanda, soňky hepdede koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 111 adam artyp, 375-e ýetdi. Gazagystanda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1646 adam artyp, 59 müň 899 adama ýetdi. 

Ukrainada adam ýitgisi 1398 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 54 müň 133 adama ýeten bolsa, Gyrgyzystanda ýogalan adamlaryň sany 147-ä, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 11 müň 117 adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli jemi 61 adam ýogalan we wirusa ýoluganlaryň sany 13 müň 193 adama ýeten Özbegistanda, karantin düzgünleri ýaňadandan berkidildi. Özbegistanda şu günden başlap ýurdyň öz içindäki uçar saparlary we otly gatnawlary aýyň ahyryna çenli togtadyldy. 

Ermenistanda koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 573-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 32 müň 151 adama ýetdi. 

Täjigistanda ýogalan adamlaryň sany 55-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 6 müň 552-ä ýetdi. 15 adamyň ýogalan Gruziýada bolsa wirusa ýolugan adamlaryň sany 1 müň 26 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar