Lawrow: “Liwiýadaky taraplaryň arasynda çynlakaý dialog ýok”

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Berlinde rus žurnalistlerine beýannama berdi

1343603
Lawrow: “Liwiýadaky taraplaryň arasynda çynlakaý dialog ýok”

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Liwiýa temasy boýunça Berlinde geçirilen maslahatyň diýseň peýdaly bolandygyna garamazdan Liwiýadaky taraplaryň arasynda heniz çynlakaý we düýpli dialogyň ýokdugyny aýtdy.

Lawrow Germaniýanyň paýtagty Berlindäki maslahatdan soň rus metbugatynyň wekillerine beýannama berdi.

Russiýanyň maslahatyň netijesine kanagatlanma bildirýändigini, emma çaknyşygyň taraplarynyň arasynda garaýyş tapawutlylygynyň dowam edýändigine ünsi çeken Lawrow: “Umuman maslahaty peýdaly diýip häsýetlendirýäris. Elbetde liwiýalylaryň özi çözgüt taparlar. Liwiýadaky taraplaryň arasynda çynlakaý, düýpli dialog heniz ýok. Tapawutly garaýyşlar köp” diýdi.

Lawrow jarnamadaky teklipleriň halkara jemgyýetçiliginiň isleglerini belli bir derejede hem bolsa kanagatlandyrýandygyna ünsi çekip, şol teklipleriň Liwiýadaky taraplaryň gepleşik stolunyň başyna oturmaklaryny we ylalaşmaklaryny üpjün etjekdigini sözleriniň üstüne goşdy.

 



Degişli Habarlar