Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümeti, Türkiýe bilen baglaşylan ylalaşyk teswirnamalaryny tassyklady
Türkiýe bilen Liwiýa “Deňiz ytyýar giňişliginiň çäklendirilmegi” baradaky ylalaşyga gol çekişipdi
Liwiýada halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Milli ylalaşyk hökümeti, Türkiýe bilen baglaşylan ylalaşyk teswirnamalarynyň güýje girendigini mälim etdi.
Milli ylalaşyk hökümetiniň Adalat ministrliginden berlen beýanata görä, Türkiýe bilen baglaşylan “Howpsyzlyk we harby taýdan hyzmatdaşlyk teswirnamasy” bilen “Deňiz ytyýar giňişliginiň çäklendirilmegi” baradaky ylalaşyk tassyklandy.
Türkiýe bilen Liwiýa 27-nji noýabrda “Howpsyzlyk we harby taýdan hyzmatdaşlyk teswirnamasy” bilen “Deňiz ytyýar giňişliginiň çäklendirilmegi” baradaky ylalaşyga gol çekişipdi.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.