Maas: “Liwiýa dartgynlygyny çözjek açary aldyk” diýdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heýko Maas beýanat berdi

1343961
Maas: “Liwiýa dartgynlygyny çözjek açary aldyk” diýdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heýko Maas, Liwiýada ylalaşygyň we syýasy etabyň başladylmagy maksady bilen Berlinde geçirilen halkara konferensiýanyň maksadyna ýetendigini belläp: “Bu ýerde Liwiýa dartgynlygyny çözjek açar aldyk. Indi bolsa açary gulpa salyp açmalydyrys” diýip habar berdi.

Konferensiýadan soň geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Maas, çekilen gollaryň ýeterlik däldigini, Gözegçilik komitedi döredilip, kabul edilen kararlaryň gözegçiliginiň edilmelidigini beýan etdi.

Konferensiýa gatnaşmaýan ýurtlaryň Liwiýa babatynda harby, syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleler boýunça goşant goşup biljekdiklerini aýdan Maas: “Öňümizde kyn bir ýol bar. Esasy iş bu pursatdan soň başlaýar” diýip habar berdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heýko Maas, içerki söweşi syýasy bir çözgüde gowuşdyrmak üçin taraplary bir ýere jemlemegiň gerekdigini mälim etdi.


Etiketkalar: #Berlin , #Heiko Maas

Degişli Habarlar