Maýer: “Ylalaşylan zolakdan terror toparlary çykarylmaga dowam edýär”

Beýleki tarapdan boşla ABŞ ÝPG/PKK ýarag we enjam goldawyny dowam etdirýär

1272406
Maýer: “Ylalaşylan zolakdan terror toparlary çykarylmaga dowam edýär”

ABŞ-nyň DAİŞ-e garşy göreş toparynyň ýolbaşçysy Kris Maýer Siriýada Türkiýe bilen ABŞ-nyň howpsyz zolak üçin ylalaşan giňişliginden terror guramasy ÝPG/PKK toparlarynyň çykarylmaga dowam edýändigini aýtdy.

Kris Maýer ABŞ-nyň Goranmak ministrliginde howpsyz zolak baradaky brifingde metbugatyň wekilleriniň soraglaryna jogap berdi.

Çapraz beýanatlary bilen ünsleri çeken Maýer Siriýada Türkiýe bilen ABŞ-nyň howpsyz zolak boýunça ylalaşan giňişliginden terror guramasy ÝPG/PKK toparlarynyň bardygyny boýun aldy.

Terror guramasy ÝPG-ni şol zolakdan çykarjakdyklaryny beýan eden Maýer, Türkiýäniň legal howpsyzlyk hukuky aladalaryna düşünýändiklerini aýtdy.

Türkiýäniň we ABŞ-nyň howpsyzlyk güýçleriniň Tel Abýad we Rasulaýn etraplaryndaky uçar bilen we gury ýerden gözegçilik işleriniň dowam edýändigini ýatladan Maýer, howpsyz zolagyň uzynlygy we giňligi barada bolsa maglumat bermedi.

Maýer terror guramasy ÝPG-niň sebitden çykaryljakdygyny beýan edendigini garamazdan beýanatynda çaprazlyklara ýüz tutdy.

ABŞ-nyň DAİŞ-e garşy göreş toparynyň ýolbaşçysy Kris Maýer terror guramasy DAİŞ-i tutaryk edinip, Siriýanyň Demokratik Güýçleri (SDG) adyny ulanýan ÝPG/PKK bilen hyzmatdaşlyklarynyň dowam etjekdigini öňe sürdi.

Maýer: “SDG-ä alynyp barylýan operasiýalara laýyklykda ýarag we enjam bermäge dowam edýäris, emma olar DAİŞ-e garşy göreş üçin ýörite berilýär” diýdi.



Degişli Habarlar