Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 11 adam ýogaldy

Benue welaýatynda wagtal-wagtal çopanlar bilen daýhanlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar

1187610
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 11 adam ýogaldy

Nigeriýanyň Benue welaýatynda guralan ýaragly hüjümlerde 11 adam ýogaldy

Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Anene, Ngibo we Tse Aýe obalarynda şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan guralan hüjümlerde 11 adamyň ýogalandygyny, köp sanly adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Anene hüjümlerde köp sanly öýüň oda berlendigini we 24 sany iri şahly malyň ölendigini nygtady.

Ýaralananlaryň hassahanalarda bejergi astyna alynandygyny aýdan Anene, etraba goşmaça harby toparyň ugradylandygyny belledi.

Benue welaýatynda wagtal-wagtal çopanlar bilen daýhanlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.

 

 



Degişli Habarlar