Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň Kunduz welaýatynda Talibana agza terrorçylaryň polisiýa we harby merkezlere hüjüm guramagy netijesinde 14 howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy

1454269
Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Kunduz welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Esmatullah Muradi, Talibana agza terrorçylaryň Kunduz welaýatynyň Ymam Sahip we Çardere etraplaryndaky harby we polisiýa merkezlere ýaragly hüjüm gurandygyny habar berdi. 

Hüjümlerde 14 howpsyzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny, 2 howpsuzlyk gullukçysynyň ýaralanandygyny aýdan Muradi, hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda 3 Talibanlynyň öldürilendigini, 4-siniň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa hüjümlerde 19 howpsyzlyk gullukçysynyň ölendigi öňe sürüldi. 

 

Ýurdyň demirgazyk-gündogaryndaky Badahşan welaýatynda bolsa terror guramalary DAIŞ we Al Kaýda agza terrorçylar tarapyndan guralan ýaragly hüjümlerde bolsa 7 polisiýa işgäri ýogaldy. 

Badahşan welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Nik Muhammed Nazari metbugata beren beýanatynda, terror guramalary DAIŞ we Al Kaýda agza terrorçylaryň, Talibana agza terrorçylaryň goldawy bilen Badahşan welaýatynyň Argençhawa etrabyndaky polisiýa merkezine hüjüm gurandygyny mälim etdi. 

Hjümde 7 polisiýa işgäriniň ýogalandygyny, 2-siniň bolsa ýaralanandygyny aýdan Nazari, ýüze çykan çaknyşykda bolsa 5 terrorçynyň öldürilendigini aýan etdi. 

Taliban bolsa hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. 

 

Beýleki tarapdan Samangan welaýatyndaky razwedka gullugyna degişli bina bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 13 işgär ýogaldy, aglabasy asuda ilatdan bolan jemi 65 adam bolsa ýaralandy. 

Samangan welaýatynyň gubernatory Abdullatif Ibrahimi, hüjümçileriň biriniň bomba ýüklenen ulagy Samangan welaýatynyň merkezi Eýbek şäherindäki razwedka binasynyň girelgesinde partlatmagyndan soň, 2 hüjümçiniň binanyň içine girip howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşyga girendigini aýan etdi. 

Birnäçe sagat dowam eden ýaragly çaknyşykdan soň 2 hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdan Ibrahimi, hüjümde razwedkanyň 13 işgäriniň ýogalandygyny, aglabasy asuda ilatdan bolan 65 adamyň bolsa ýaralanandygyny beýan etdi. 

Bu hüjümiň hem jogapkärçiligini Taliban öz üstüne aldy. 



Degişli Habarlar