Owganystanda Aragatnaşyk we Telekomunikasiýa ministrligine guralan hüjümlerde 7 adam ýogaldy

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady

1187681
Owganystanda Aragatnaşyk we Telekomunikasiýa ministrligine guralan hüjümlerde 7 adam ýogaldy

Owganystanyň paýtagty Kabulda, Aragatnaşyk we Telekomunikasiýa ministrligine guralan bombaly we ýaragly hüjümlerde 7 adam ýogaldy

Kabulyň Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Basir Müjahit, şäher merkezindäki ministrligiň binasynyň öňünde bolan partlamadan soň hüjümçileriň ministrlige girendigini we howpsyzlyk güýçleri bilen çaknyşandygyny aýtdy.

Içeri işler ministrliginden berlen beýanatda, hüjümçiler bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda birnäçe sagat dowam eden çaknyşyklarda 4 hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini, hüjümlerde 4-i asuda ilatdan 7 adamyň ýogalandygy, 8 adamyň ýaralanandygy ýatladyldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.



Degişli Habarlar