Owganystanda howpsyzlyk güýçleriniň ulag kerweni nyşana alyndy

Hüjümiň jogapkärçiligini hem heniz öz üstüne alan bolmady

1104409
Owganystanda howpsyzlyk güýçleriniň ulag kerweni nyşana alyndy

Owganystanyň paýtagty Kabulyň Pagman etrabynda howpsyzlyk güýçleriniň ulag kerwenini nyşana alan hüjümde 4 adam ýogaldy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Najib Daniş, bomba ýüklenen ulag bilen ýoldan geçip barýan howpsyzlyk güýçleriniň ulag kerweniniň nyşana alynandygyny nygtady.

Hüjümde 4 adamyň ýogalandygyny aýdan Daniş, 6 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.

Daniş hüjümde ýogalanlaryň we ýaralananlaryň şahsyýeti barada maglumat bermedi.

Hüjümiň jogapkärçiligini hem heniz öz üstüne alan bolmady.

 

 



Degişli Habarlar