Owganystanda Parlament binasyna hüjüm guraldy

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde parlament binasyna raketaly hüjüm guraldy

1287896
Owganystanda Parlament binasyna hüjüm guraldy

Kabulyň Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary Ferdews Faramarz, metbugata beren beýanatynda, Kabulyň Darül Aman diýen ýerinde ýerleşýän parlament binasyna raketaly hüjümleriň guralandygyny, emma atylan raketalaryň 3-siniň hem parlamente dälde binanyň golaýyna degendigini habar berdi. 

Hüjümde hiç kime zeper ýetmändigini aýdan Faramarz, hüjüm bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny mälim etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap ýok. 

 



Degişli Habarlar