Owganystanda Prezident saýlawynyň netijeleriniň aýan edilmegi yza süýşürildi

Owganystanda 28-nji sentýabrda geçirilen Prezident saýlawynyň netijeleriniň aýan edilmegi etaby birnäçe gün yza süýşürildi

1287913
Owganystanda Prezident saýlawynyň netijeleriniň aýan edilmegi yza süýşürildi

Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň Dolanşyk geňeşiniň agzasy Möwlana Muhammed Abdullah, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, 19-njy oktýabrda aýan edilmegi meýilleşdirilen saýlawyň gutarnykly bolmadyk netijesiniň beýan edilmek etabynyň birnäçe gün yza süýşürilendigini habar berdi. 

Ses sanamak işleriniň we sistema bellige almak etabynyň dowam edýändigini aýdan Abdullah, bu babatdaky işleriň üns bilen ýerine ýetirilmelidigine ünsleri çekdi.

Netijeleriniň aýan edilmegi üçin anyk bir gün bermekden saklanan Abdullah, galp sesleriň güýçsiz hökmünde bellige alynyp, sistema salynmandygyny aýan etdi. 

Prezident saýlawynda 9 million 600 müň saýlawçynyň 2 million 695 müňi ses beripdi. 

Ýurtda 2014-nji ýylda geçirilen Prezident saýlawynda bolan gatnaşyk bolsa 50 göterimden gowrak bolupdy. 

 


Etiketkalar: #Kabul , #saýlaw , #Owganystan

Degişli Habarlar