Pakistan Hindistandaky ilçisini yzyna çagyrdy

Pakistanyň hökümeti Hindistandaky İlçisi Sohai Mahmudy geňeşmeler üçin ýurda çagyrdy

1147294
Pakistan Hindistandaky ilçisini yzyna çagyrdy

Daşary işler ministrliginiň Metbugat Geňeşçisi Muhammed Faýsal sosial media hasabyndan beren habarnamasynda ilçiniň şu gün irden Hindistandan gaýdandygyny mälim etdi.

Faýsal: “Hindistandaky ilçimizi geňeşmeler üçin çağyrdyk. Ol şu gün irden Täze Deliden gaýtdy” diýip ýazdy.

Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky dartgynlyk 14-nji fewralda Kaşmirde guralan hüjüm sebäpli ýaňadandan möwjäpdi.

Hindistanyň gözegçiligindäki Kaşmişde guralan hüjümde Hindistanyň 44 esgeri ýogalypdy. Hindistan hüjümçiniň Pakistan tarapyndan goldanýandygyny öňe sürüpdi.

Pakistan bolsa ony ret edip, hüjümi ýazgarypdy.



Degişli Habarlar