Pakistanda partlama boldy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy

1663479
Pakistanda partlama boldy

Pakistanyň Lahor şäherinde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 2 adam ýogaldy. 

Ýerli metbugatda berilen habara görä, şäheriň Johar Town sebitinde sebäbi entek anyklanyp bilinmedik ýagdaýda partlama boldy. 

Partlamada 2 adam ýogaldy, 17 adam ýaralandy. 

Sebitiň ýaşaýjylary şahsyýeti entek anyklanmadyk bir adam tarapyndan goýulan motosikliň partlandygyny mälim etdiler. 

Wakanyň bolan ýerine köp sanda polisiýa, tiz kömek we halas ediş ulaglary gönükdirildi. 


Etiketkalar: #Lahor , #partlama , #Pakistan

Degişli Habarlar