Peskow: "ABŞ ünsleri sowmaga synanyşýar" diýdi
Geçen hepdäniň anna güni guralan hüjümde 140 adam ýogalypdy
Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, ABŞ-nyň Krokus Siti Holl atly konsert zalyndaky terrorçylykly hüjümiň jogapkäriniň DAIŞ-diginiň üstünde durup, ünsleri sowmaga synanyşýndygyny beýan etdi.
Dmitriý Peskow Izwestiýa gazedine beren beýanatynda: "Derňew henizem dowam edýändigi sebäpli ýeke täk mümkinçilige ünsi jemlemeýän mahalymyz, Amerikalylaryň gün tertibinde ýekeje mümkinçiligi gün tertipde saklamak batyrgaýlygy geň galdyryjy. Bu bolsa elbetde, başga bir mümkinçiligiň aradan aýrylmagyny isleýändigi manysyny berýär" diýip habar berdi.
Peskow ABŞ-nyň, Ukrainanyň we beýleki ýurtlaryň beren beýanatlary bilen nämäni maksat edinýändiklerine göz ýetirmek üçin sabyrly bolmalydyklaryny we Russiýanyň razwedka we derňew organlarynyň işlerini tamamlamaklaryna garaşmagyň zerurdygyny beýan etdi.
Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň başlygy Aleksandr Bortnikow, konsert zalyndaky hüjümiň arkasynda ABŞ-nyň, Ukrainanyň we Beýik Britaniýanyň bardygyny aýdypdy.
Geçen hepdäniň anna güni guralan hüjümde 140 adam ýogalypdy.
Degişli Habarlar
Döwlet Sekretarlygynyň Metbugat Sekretary Ýurdunyň Gaza Syýasaty Sebäpli Wezipesinden Çekildi
Hala Gharrit, ýurdunyň alyp barýan Gaza syýasatyna garşylyk görkezmek üçin wezipesinden çekildi.