Putin Makron bilen Ukraina we Siriýa meselesini aralyp maslahatlaşdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Siriýa we Ukraina meselesinde pikir alyşandygy habar berildi

1308885
Putin Makron bilen Ukraina we Siriýa meselesini aralyp maslahatlaşdy

Kremlden berilen beýannamada Putiniň Makron bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde 9-njy dekabrda geçiriljek Ukraina temaly “Normandiýa Dörtlüginiň” maslahatyndan ozal Ukrainadaky wakalar hakynda pikir alyşandygy habar berilýär.

Beýannamada Putiniň Makrona Russiýanyň Gara deňizde Kerç bogazynyň golaýynda saklan harby gämileriň Ukraina gowşurylmagy barada maglumat berendigi nygtalyp: “Telefon söhbetdeşliginde “Normandiýa Dörtlüginiň” maslahaty Minsk ylalaşygynyň iş ýüzüne geçirilmegini ýola goýmalydygy nygtaldy” diýilýär.

Beýan edilmegine görä liderlerin Siriýada Konstitutsiýa toparynyň işleriniň başlamagynyň ähmiýetini nygtandyklary, sebitdäki terror howpyna garşy göreşde rus we fransuz goranmak ministrlikleriniň utgaşykly işleriniň dowam etmegi boýunça ylalaşyldy.



Degişli Habarlar