Putin Nobel Parahatçylyk sylagyna dalaşgär hökmünde hödürlendi
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, 2021-nji ýyl Nobel Parahatçlyk sylagyna dalaşgär hökmünde hödürlendi
Russiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, Putin 2021-nji ýyldaky Nobel Parahatçylyk sylagyna, rus ýazyjy Sergeý Komkow tarapyndan dalaşgär hökmünde görkezildi.
Nobel komitedine dalaşgärlik hatynyň 9-njy sentýabrda hödürlenendigi we şondan soň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hem dalaşgär hökmünde hödürlenendigi mälim edildi.
Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow: "Dalaşgärleriň gözden geçirilmegi bilen bagly prosedura bar. Sylag berilse gowy, berilmese mesele däl. Bu ýerde başda bir zat aýtmak kyn" diýip belledi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hem 2021-nji ýyldaky Nobel Parahatçylyk sylagyna hödürlenendigi 9-njy sentýabrda aýan edilipdi.
Mundan başgada rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň hem Nobel Parahatçylyk sylagyna hödürlenendigi bilinýär.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.