Rasulaýnda Guralan Terrorçylykly Hüjümde Asuda Ilatdan 2 Adam Ýogaldy

Rasulaýn etrap merkezi 2019-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen terrordan saplanypdy

1497007
Rasulaýnda Guralan Terrorçylykly Hüjümde Asuda Ilatdan 2 Adam Ýogaldy

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Rasulaýn etrabynda guralan iki terrorçylykly hüjümde asuda ilatdan 2 adam ýogaldy, 11 adam ýaralandy.

Rasulaýn etrabynyň Tel Halaf obasynda bolan partlamada ýogalan ýada ýaralanan bolmady.

Birinji partlamanyň yzy ýanynda şol obada bu gezek bomba ýüklenen ulag ýaryldy.

Wakada biri çaga asuda ilatdan 2 adam ýogaldy, 11 adam hem ýaralandy.

Ýaralananlaryň arasynda ýagdaýy agyr bolan 2 adam Türkiýä getirildi.

Howpsyzlyk güýçleri hüjümiň ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG tarapyndan guralandygyny öňe sürýär.

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Rasulaýn etrap merkezi 2019-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Türk ýaragly güýçleriniň “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen terrordan saplanypdy.


Etiketkalar: #çaga , #asuda ilat , #Rasulýan

Degişli Habarlar