Russiýa ABŞ-e reaksiýa bildirdi

Russiýa, ABŞ-nyň gabaw astyndaky Günbatar Şeriada ýerleşýän jöhit ýaşaýyş ýerlerini mundan beýläk bikanun hökmünde garamaýandyklary bilen bagly beýanatyna reaksiýa bildirdi

1309123
Russiýa ABŞ-e reaksiýa bildirdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden mesele bilen bagly berilen beýanatda: "Waşington, kabul eden kararlary bilen Orta Gündogar bilen baglanşykly halkara hukugyň esasyny bozmak we artdyrmak bilen bagly ädimler edýär" diýip belledi. 

Ysraýylyň Palestinanyň topraklaryny basyp alyp, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlarynyň düzgünlerini bozýandygy aýdylýan beýanatda: "Degişli taraplary sebitdäki dartgynlygy artdyrjak we Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky gepleşiklere päsgel berjek ädimlerden uzak durmaga çagyrýarys" diýip aýan edildi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, gabaw astyndaky Günbatar Şeriada ýerleşýän jöhit ýaşaýyş ýerlerini mundan beýläk bikanun hökmünde görmeýändiklerini beýan edipdi. 

Halkara hukuga görä gabaw astyndaky topraklarda ýerleşýän ähli jöhit ýaşaýyş ýerleri bikanun. 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Russiýa

Degişli Habarlar