Russiýa ABŞ-na saglyk enjamlaryny ugratdy

Russiýa koronawirus epidemiýasyna garşy alynyp barylan göreşiň çäginde ABŞ-na saglyk enjamlaryny ugratdy

1389363
Russiýa ABŞ-na saglyk enjamlaryny ugratdy

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada saglyk enjamlaryny we maska ýüklenen uçaryň Çkalowsk adyndaky harby howa menzilinden ABŞ-na gidendigi habar berildi.

Russiýanyň Prezidentiniň Metbugat Sekretary Dmitriý Peskow düýn: “Russiýa tarapyndan ABŞ-daky agyr epidemologik şertler sebäpli saglyk we goraýjy enjam kömeginiň berilmegi teklip edildi. Tramp ony minnetdarlyk bilen kabul etdi” diýipdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň döwlet Ýolbaşçysy Donald Tramp 30-njy martda telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.



Degişli Habarlar