Russiýa ABŞ-nyň 25 raýatyny sanksiýa sanawyna aldy

Russiýa aralarynda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň aýaly we gyzy hem bolan ABŞ-nyň 25 raýatyny sanksiýa sanawyna almak barada karar kabul etdi

1849348
Russiýa ABŞ-nyň 25 raýatyny sanksiýa sanawyna aldy

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, ABŞ-nyň rus syýasy hünärmenlerine we şahsyýetlere garşy girizýän sanksiýasyny dowamly häsýetde giňeldýändigi mälim edildi. 

Şoňa jogap hökmünde ABŞ-nyň 25 raýatyna Russiýa girmek gadagançylygynyň girizilendigi bellenen beýanatda, ady geçen adamlaryň sanawyny çap etdi. 

Sanawda Russiýa garşy sanksiýalar bilen baglanşykly teklipleri berýän "McFaul-Yermak" atly toparyň agzalary, senatorlar we uniwersitediň işgärleri bar. 

Ady agzalan sanksiýa sanawynda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň aýaly Jill Baýden we gyzy Eşli Baýden hem bar. 


Etiketkalar: #sanaw , #sanksiýa , #Russiýa , #ABŞ

Degişli Habarlar