Russiýa Harby Däl Gämileriň Çykyş Üçin Ynsanperwer Geçelge Açýar

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Milli goranyş gözegçilik merkeziniň Başlygy Mihail Mizinsew Gara we Azow deňizlerindäki portlardan harby däl gämileriň howpsuz çykmagy üçin her gün ynsanperwer kömek geçelgesini açýandyklaryny beýan etdi.

1832859
Russiýa Harby Däl Gämileriň Çykyş Üçin Ynsanperwer Geçelge Açýar

Mihail Mizinsew rus deňiz flotunyň Mariupol portundaky mina howpuny ortadan aýyrandygyny we portuň infrastrukturasynyň abatlanmagy üçin iş alyp barýandyklaryny aýtdy.

Rus ýaragly güýçleriniň her gün Moskwa wagty bilen 08:00-dan 19:00-a çenli iki sany howpsuz deňiz ynsanperwe kömek geçelgesini açýandygyny aýdan Mizinsew: “Gara deňizde; 80 mil uzynlygynda we 3 mil giňliginde Ukrainanyň suw giňişliginden günorta-günbatar tarapda Herson, Mykolaýew, Çernomorsk, Oçakow, Odessa we Ýužny portlaryndan çykyş geçelgeleri açylýar. Azow deňizinde; Mariupol portundan çykmak bilen birlikde 115 mil uzynlygynda we 2 mil giňliginde Gara deňiz tarapynda geçelge açylýar” diýdi.

Mihail Mizinzew deňiz ynsanperwer kömek geçgelgeleriniň iş tertibi hakyndaky maglumatlaryň günde 15 minutdan bir gezek rasia arkaly iňlis we rus dillerinde halkara kanallar arkaly habar berilýändigini beýan etdi.

Resmi Kiýewiň portlardaki gämileriň howpsuz çykyşyny üpjün etme meselesini çözmek üçin daşary ýurtlaryň we armatör gämileriň wekilleri bilen gepleşik geçirmekde çetde durmaga dowam edýändigini öňe süren Mizinsew, Gara deňiziň döwletleriň kenarlarynda zynjyrlaryndan gopan ukrain minalarynyň ýaýramagy sebäpli ýüze çykan howpuň dowam edýändigine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar