Russiýa Harkowy Ýaňadandan Bombalady

Zelenskiý, Russiýanyň Harkowy ýaňadandan bombalandygyny, hüjümde 9 adamyň ýogalandygyny, 19 adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

1833599
Russiýa Harkowy Ýaňadandan Bombalady
Ukrayna3.jpg
Ukrayna kapak.jpg
Ukrayna1.jpg

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň Harkowy ýaňadandan bombalandygyny, hüjümde 9 adamyň ýogalandygyny, 19 adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Wladimir Zelenskiý halka ýüzlenip eden çykyşynda Russiýanyň Harkow şäherine guran bombaly hüjümi hakynda maglumat berdi.

Zelenskiý hüjümde 9 adamyň ýogalandygyny, 19 adamyň hem ýaralanandygyny nygtady.

Ýogalanlaryň arasynda 5 aýlyk bäbejigiň we kakasynyň bardygyny aýdan Zelenskiý, bäbejigiň ejesiniň  ýagdaýynyň bolsa agyrdygyny belledi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý ýaralananlaryň arasynda 9 ýaşynda bir gyzjagazyň bardygyny ýatlatdy.

Latwiýanyň parlamentine we halkyna ýüzlenip çykyş eden Zelenskiý, Ukraina berlen kömekler üçin sagbolsun aýtdy.

Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rutte bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýdan Zelenskiý, söweş hakynda Ruttä maglumat berendigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar