Russiýa Ukraina söweşinde soňky 1 günde 150 esgerinden mahrum boldy

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-26-nji maý aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi

1832988
Russiýa Ukraina söweşinde soňky 1 günde 150 esgerinden mahrum boldy

Ukraina garşy söweş başladan Russiýa soňky 24 sagatda ýene-de 150 esgerinden, 11 uçarmansyz howa ulagyndan, 10 taňkdan we 22 sowutly ulagyndan mahrum boldy.

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 29 müň 600 esger öldürildi, ruslara degişli 206 uçar, 170 dikuçar, 1315 taňk, 3 müň 235 sowutly ulag, 617 top, 201 raketa ulgamy we 93 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 2 müň 225 ulagyny, 13 gämi we ýokary tizlikli katerini we 502 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. Beýanatda şeýle hem ruslaryň atan 114 ganatly raketasynyň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.  

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda, Ukrainada 1351 rus esgeriniň ýogalandygy habar berilipdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #esger , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar