Russiýa Ukrainanyň Galla Önümleriniň Eksporty Üçin Gepleşiklere Taýýar

Andreý Rudenko Ukrainadan galla önümleriniň eksporty üçin gepleşiklere taýýardyklaryny beýan etdi.

1832427
Russiýa Ukrainanyň Galla Önümleriniň Eksporty Üçin Gepleşiklere Taýýar

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko Ukrainadan galla önümleriniň eksporty üçin gepleşiklere taýýardyklaryny beýan etdi.

Rudenko: “Azyk meselesi, Russiýanyň eksportuna we töleglerine goýulan sanksiýalaryň bes edilmegi bilen bilelikde giň gerimli çemeleşme talap edýär” diýdi.

Andreý Rudenko Ukrainadaky galla önümleriniň söweş sebäpli eskport edilip bilinmeýändigi üçin ağyrlaşan global galla meselesi boýunça beýannama berdi.

ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ursula Won Der Leýýeniň “Russiýanyň azyk meselesinden ýarag hökmünde peýdalanýandygy” boýunça günäkärlemesi hakynda durup geçen Rudenko; “Bu meselelere parahatçylykly çözgüt gözleýänleriň ählisi bilen gepleşiklere taýýar. Laýýeniň beýanatyny öz wyždanyna tabşyrýaryn” diýdi.

Azyk meselesiniň giň gerimli garaýyş bilen çözülip bilinjekdigini beýan eden Rudenko; “Azyk meselesi, Russiýanyň eksportuna we töleglerine goýulan sanksiýalaryň bes edilmegi bilen bilelikde giň gerimli çemeleşme talap edýär. Aýratynam Ukraina gämileriň ýerleşýän portlaryndaky minalary saplamaly. Russiýa ynsanperwer geçelgeler bilen bilelikde ähli kömegi bermäge taýýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar