Russiýanyň Perm şäherindäki myhmanhanalaryň birinde 5 adam ýogaldy

Russiýanyň Perm şäherindäki myhmanhanalaryň birinde gyzgyn suw akýan turbanyň partlamagy netijesinde 5 adam ýogaldy

25 Ocak 2020 11:33

TASS habarlar agentliginiň Russiýanyň Adatdan daşary ministrligine esaslanyp beren habaryna görä, Perm şäherinde kiçiräk bir myhmanhananyň zemin gatyndaky otaglarda ýyladyş ulgamyny üpjün edýän gyzgyn suw turbasy irden partlady.

Zemin gatynyň gyzgyn suw bilen dolmagy netijesinde 5 adam ýanyp ýogaldy.

Russiýanyň Derňew komitediniň waka bilen baglanşykly derňew işini başladandygy habar berildi.