Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde ýogalýan çagalaryň sany artmaga dowam edýär

Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde şu günki güne çenli 238 çaganyň ýogalandygy habar berildi

1832264
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde ýogalýan çagalaryň sany artmaga dowam edýär

Ukrainanyň Baş prokuraturasyndan berilen beýanatda: "26-njy maýa çenli Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde 238 çaga ýogaldy, 438 çaga ýaralandy" diýip habar berdi. 

Beýanatda görkezijileriň gutarnykly bolmandygy, wagtlaýyn häsýetde basylyp alynan we azat edilen sebitlerdäki derňewleriň dowam edýändigi aýan edildi. 

Beýanatda Ukrainadaky ençeme şäheriň bombalanmagy netijesinde harby nokatlar bilen birlikde köp sanda döwlet binasyna hem zeper ýetendigi, zeper ýeten 1 müň 848 bilim ojagynyň 173-siniň dolulygyna ýumrulandygy mälim edildi. 

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Oleksandr Motuzýanik: "Russiýanyň ýurdumyza garşy başladan giň gerimli hüjümleriniň iň işjeň tapgyryndadygyny görýäris. Ukrainanyň gündogar frontyndaky ýagdaý örän tankydy, ýurdyň ykbaly ol ýerde kesgitlenýär" diýip habar berdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar