Saud Arabystany Eýrany günäkärleýär

“Saudi Aramko” nebit kompaniýasynda guralan hüjümde Eýranda öndürilen ýaraglaryň ulanylandygy beýan edilýär

1272518
Saud Arabystany Eýrany günäkärleýär

Saud Arabystany milli nebit kompaniýasy “Saudi Aramko” guralan hüjümde Eýranda öndürilen ýaragly dronlaryň ulanylandygyny we hüjümiň “Eýran tarapyndan doly goldanandygyny” beýan etdi.

Saud Arabystanynyň “Al Arabiýa” teleýaýlymynyň habaryna görä metbugat ýygnagyny geçiren Goranmak ministrliginiň Metbugat sekretary Turki Al Maliki: “ “Aramko” guralan hüjümde Eýranda öndürilen Delta-wing kysymly dronlar ulanyldy. Hüjüm demirgazykdan günorta guraldy we Eýran tarapyndan goldandy. Eýran Ýemendäki wekilleri arkaly Saud Arabystanyndaky asuda ilata guralýan hüjümleri  hem goldaýar. Kompaniýanyň Bekik we Haris desgalaryna guralan hüjümler Eýranyň goldaýan hüjümleriň dowamy görnüşinde” diýdi.

Hüjümleriň diňe bir Saud Arabystanyny däl, eýsem halkara jemgyýetçiligini we energetika howpsyzlygyny nyşana alandygyny beýan eden Maliki, Eýranyň sebitde alyp barýan işlerine garşy halkara jemgyýetçiligine çagyryş etdi.

Hüjümde 18 dron bilen 7 sany ganatly raketanyň ulanylandygyny nygtan Maliki, “Arakonyň” desgalaryna Eýranyň “Ýa Ali” kysymly ganatly raketasynyň atylandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar