“Siriýada 8 ýylyň dowamynda azyndan 336 gezek himiki hüjüm guraldy”

Siriýada 8 ýyldan bäri dowam edýän içerki uruşda azyndan 336 himiki hüjümiň guralandygy, şonuň 98 göteriminiň hökümete degişli güýçler tarapyndan amala aşyrylandygy habar berildi

1147069
“Siriýada 8 ýylyň dowamynda azyndan 336 gezek himiki hüjüm guraldy”

Merkezi Germaniýanyň paýtagty Berlinde ýerleşýän Jemgyýet Syýasaty İnstituty tarapyndan “Gizläre zat ýok: Siriýada Himiki ýarag ulanmagyň mantygy” atly habarnama çap edildi.

Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň hemaýat bermegine taýarlanan habarnama görä Siriýanyň hökümeti tarapyndan guralan himiki hüjümler çaklanylýanyndan has köp.

Habarnama görä 2011-nji ýyldan bäri Siriýada azyndan 336 himiki hüjüm guraldy we şolaryň 98 göterimi hökümet tarapyndan edildi. Himiki hüjümleriň 6 sanysy DAİŞ tarapyndan guraldy.

Siriýadaky hikimi galyndylaryň 90 göterimi hökümetiň 2013-nji ýylyň awgust aýynda guran we dünýä jemgyýetçiliginde uly garşylyk döreden hüjümden soň amala aşyryldy.

Siriýada 2013-nji ýylyň 21-nji awgustyndaky himiki hüjümden soň dünýä jemgyýetçiligi hökümetiň öz halkyna garşy himiki hüjüm guramagyna berk reaksiýa bildiripdi. ABŞ-nyň şol wagtky Prezidenti Barak Obama hüjümi “geçilmesi gadagan gyzyl zolak” hökmünde häsýetlendiripdi.



Degişli Habarlar