Siriýanyň Jerablus etrabynda terrorçylykly hüjüm guraldy

Siriýanyň demirgazygynda Ýewfrat galkany sebitinde ýerleşýän Jerablus etrabynyň merkezinde, motosikle ýerleşdirilen bomba partlady

1309084
Siriýanyň Jerablus etrabynda terrorçylykly hüjüm guraldy

Siriýanyň, Türkiýe serhediniň golaýynda ýerleşýän Jerablus etrabynda, bomba ýüklenen motosikl bilen guralan terrorçylykly hüjümde asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy. 

Siriýanyň demirgazygynda Ýewfrat galkany sebitinde ýerleşýän Jerablus etrabynyň merkezinde, motosikle ýerleşdirilen bomba partlady. 

Terrorçylykly hüjümiň netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy. 

Wakanyň bolan ýerinde gözegçilik işlerini geçiren Howpsyzlyk güýçleri, hüjümiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny çak edýär. 

Beýleki tarapdan Howpsyzlyk güýçleri, etrabyň merkezinde başga bir bomba ýüklenen motosikli anyklap, guralmagy ähtimal hüjümiň öňüni aldy. 

Motosikle ýerleşdirilen bomba, hünärmenler tarapyndan gözegçilik astynda täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

 


Etiketkalar: #partlamak , #bomba , #Jerablus

Degişli Habarlar