Slowakiýa Türkiýeden Maýa Goýuma Garaşýar

Slowakiýanyň Premýer-ministri Eduard Heger Türkiýeden ýurduna maýa goýumlaryň gelmeginden diýseň hoşal boljakdygyny aýtdy.

1833072
Slowakiýa Türkiýeden Maýa Goýuma Garaşýar

“Dawos sammiti” diýilýän Bütindünýä ykdysadyýet forumyna gatnaşmak üçin Şweýsariýa baran Heger “Anadoly” habarlar gullugyna beýannama berdi.

Eduard Heger türk işewürlerine ýüzlenip; “Mälim bolşy ýaly Slowakiýa ençeme özgertmeleri iş ýüzüne geçirýär. Aýratynam işewür dünýäsinde özgertmeler edýäris. Dünýäniň ähli ýurtlaryndan maýadarlara gapymyz açyk. Türkiýeden ýurdumyza maýa goýumlaryň gelmeginden iňňän hoşal bolarys” diýdi.

Slowak firmalarynyň hem Türkiýede maýa goýmagyny maşlahat beren Heger; “Meniň pikirimçe iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk edilmeli. Aýratynam söwda gatnaşygyny artdyrmak elmydama özara gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşýandygyny bilýäris” diýdi.

Eduard Heger 24-nji fewralda Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagyndan bäri ýurduna 400 müňe barabar immigrantyň gelendigini beýan edip; “Biziň ýaly 5 million ilatly ýurt üçin ol ummasyz köp mukdar” diýdi.

Ukrainaly bosgunlaryň 70 müňüniň Slowakiýada galandygyny, galanlarynyň Ýewropanyň başga ýurtlaryna gidendigini aýdan Heger, ýurdundaky bosgunlaryň uruşdan soň Ukraina dolanmak isleýändiklerini mälim etdi.

 



Degişli Habarlar