Şri-Lankada guralan hüjümlerde ýogalanlaryň sany 290 adama ýetdi

Şri-Lankanyň Prezidenti hüjümleriň derňelmegi üçin 24 sagadyň içinde ýörite komissiýanyň dörediljekdigini aýtdy

1187707
Şri-Lankada guralan hüjümlerde ýogalanlaryň sany 290 adama ýetdi

Şri-Lankanyň Prezidenti Sirisena 290 adamyň ýogalmagyna, 500-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan buthanalara we myhmanhanalara guralan terrorçylykly hüjümleriň derňelmegi üçin 24 sagadyň içinde ýörite komissiýanyň dörediljekdigini aýtdy.

Ýokary kazyýetiň başlygynyň ýolbaşçylygynda dörediljek komitetiň, terrorçylykly hüjümleriň sebäpleri we  hüjümleriň jogapkärleri bilen birlikde ähli faktorlary giňişleýin derňejekdigini belledi.

Şri-Lankanyň Premýer ministri Ranil Wiskremesinge bolsa hüjümleriň ýurdy we ykdysadyýeti durnuksyzlaşdyrmak maksady bilen guralandygyny belledi.

Beýleki tarapyndan terrorçylykly hüjümlerden soň başladylan operasiýalarda 24 adamyň saklanandygy habar berildi.

 

 



Degişli Habarlar