Şri-Lankadaky hüjümlerde ýogalan adamlaryň sany artdy

Şri-Lankada pasha gününde buthanalaryň we myhmanhanalaryň nyşana alynyp guralan terrorçylykly hüjümlerde ýogalan adamlaryň sany 310-a ýetdi

1188314
Şri-Lankadaky hüjümlerde ýogalan adamlaryň sany artdy

Şri-Lanka Daily Mirroryň, Polisiýa gullugynyň media boýunça metbugat sekretary Ruwan Gunasekaranyň beýanatyna salgylanyp beren habaryna görä, geçen hepdäniň ýekşenbe güni pasha dabaralarynda buthanalaryň we myhmanhanalaryň nyşana alynyp guralan terrorçylykly hüjümlerde ýogalan adamlaryň sany artdy.

Metbugat sekretar Gunasekara, hüjümde ýogalan adamlaryň sanynyň 290-dan 310-a ýetendigini habar berdi.

Hüjümden soň başladylan operasiýalaryň dowam edýändigini aýdan Gunasekara, häzirki wagta çenli şübhe astynda bolan 40-adamyň göz tussaglygyna alynandygyny aýan etdi.

Gunasekara, göz tussaglygyna alynan adamlaryň ählisiniň şri-lankalydygyny beýan etdi.


Etiketkalar: #Şri-Lanka , #hüjüm

Degişli Habarlar