Şweýsariýa Eýranyň DIM Zarifiň Dawosa gatnaşmagyny islemeýär
Şweýsariýa Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarifiň Dawosda geçiriljek maslahata gatnaşygyny bes etdi
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Abbas Musewi paýtagt Tähranda geçiren metbugat ýygnagynda Zarifiň resmi taýdan ýanwar aýynyň 21-24-i aralygynda Şweýsariýada geçiriljek 50-nji Bütindünýä ykdysady forumyna çagyrylandygyny, degişli taýarlyklaryň görülendigini, emma soň gatnaşygyň bes edilendigini aýtdy.
Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň goşuny Kasym Süleýmanininiň Yragyň paýtagty Bagdatda ABŞ-nyň guran hüjüminde öldürilmeginden soň 8-nji ýanwarda Yragyň Aýn Al Asad etrabyndaky Amerikan harby bazasyny bombalapdy.
Eýran 5-nji ýanbwar ýadro ylalaşygy boýunça ähli kepillendirmelerini bes edipdi.
Degişli Habarlar
Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär
Russiýanyň Ukrainanyň Odessa şäherine guran hüjüminde 5 adam ýogaldy, 29 adam ýaralandy