Täze Zelandiýada Kovid-19 gözegçilik astyna alynmasa on müňlerçe adam ýogalyp biler

Täze Zelandiýadaky Oklend we Otago uniwersitetleri koronawirus bilen baglanşykly habarnama taýarladylar

1388574
Täze Zelandiýada Kovid-19 gözegçilik astyna alynmasa on müňlerçe adam ýogalyp biler

Täze Zelandiýadaky iki uniwersitet tarapyndan taýarlanan habarnamada, täze görnüş koronawirusyň ýaýramagyna garşy alynyp barylýan göreşiň üstünlikli bolman halatynda ýurtda 14 bilen 80 müň arlygynda adamyň ýogalyp biljekdigini habar berdi.

Oklend we Otago uniwersitetleri, koronawirusyň ýurtda ýaýramagyna garşy görülýän çäreleriň üstünlikli bolman halatynda ýüze çykyp biljek ýagdaýy 2 aýry habarnama edip Saglygy goraýyş ministrligine ugratdy. 

Otago uniwersitediniň taýarlan habarnamasynda, Kovid-19 gözegçilik astyna alynman halatynda ýurdyň ilatynyň 64 göteriminiň syrkawlajakdygy we 14 müň 400 adamyň ýogaljakdygy mälim edildi. 

Emma, beýleki bir habarnamada bolsa, ýurdyň ilatynyň 89 göterimine wirusyň ýokjakdygyna ünsleri çeken Oklend uniwersitedi, ýola goýulan strategiýalaryň şowsyz bolan halatynda adam ýitgisiniň 80 müňe çenli ýetip biljekdigini aýan etdi. 

Koronawirusyň ýaýramagyna garşy 25-nji martda Adatdan daşary ýagdaý yglan eden we 4 hepdäniň dowamynda mejbur bolmadygy saýyn köçä çykmagy gadagan eden Täze Zelandiýada, wirus sebäpli 1 adam ýogaldy, wirusa ýolugan adamlaryň sany bolsa 647-ä ýetdi. 



Degişli Habarlar