Tel-Ryfatdaky terrorçylar Afrin we Azez etraplaryna hüjüm guradylar

Hüjümlerde jemi 2 adam ýogaldy

1344061
Tel-Ryfatdaky terrorçylar Afrin we Azez etraplaryna hüjüm guradylar

Siriýanyň Tel-Ryfat etrabynda basyp alyjylygyny dowam etdirýän terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylar, Zeýtun şahajygy operasiýasynyň 2-nji ýylynda Afrin we Azez etraplarynyň merkezlerine guran hüjüminde 1-i çaga jemi 2 adam ýogaldy.

ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň, Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda boşaldylmaly bolan Tel-Ryfat etrabyndan, Afrin we Azez etraplarynyň merkezlerine guraýan hüjümleri dowam edýär.

Afrin etrabynyň merkezine guralan raketaly hüjümde 1-i çaga jemi 2 adam ýogaldy, asuda ilatdan şeýle hem 2 adam ýaralandy.

Beýleki tarapdan Azez etrabynyň merkezine hem 3 aýry gezek hüjüm guraldy.

Hüjümleriň birinde mekdep nyşana alynan hem bolsa, ýogalan ýa-da ýaralanan adam bolmady.


Etiketkalar: #Tel Ryfat , #Azez , #Afrin

Degişli Habarlar