Terror Guramasy PKK Sinjardan Çekilýär

Terror guramasy PKK-nyň iň giç täze ýyla çenli Sinjardan dolulygyna çekilmegine garaşylýar

1537416
Terror Guramasy PKK Sinjardan Çekilýär

Ekstremist terror guramasy PKK, Yragyň Mosul welaýatynda ýerleşýän Sinjar etrabyndan çekilýär.

PKK-ly terrorçylaryň, Erbil bilen Bagdadyň arasynda 9-njy oktýabrda baglaşylan Sinjar şertnamasynyň çäginde gysga wagtda etrapdan dolulygyna çekilmegine garaşylýar.

Yragyň Mosul welaýatynda ýerleşýän Sinjar etraby 5 ýyldan bäri terror guramasy PKK-nyň gözegçiligi astyndady.

Sinjar şertnamasy bilen birlike Yragyň hökümeti, terror guramasynyň Sinjardan çekilmegi üçin edýän basyşlaryny artdyrdy.

PKK-nyň Sinjarda harby merkezi hökmünde ulanýan 7 binasyny soňky 2 günde boşadandygy nygtaldy.

Terror guramasy PKK-nyň iň giç täze ýyla çenli Sinjardan dolulygyna çekilmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar