Terror guramasy ÝPG/PKK Azezde asuda ilaty nyşana aldy

Hüjümde 1 adam ýogaldy

1309280
Terror guramasy ÝPG/PKK Azezde asuda ilaty nyşana aldy

Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Siriýanyň Tel Ryfat etrabyndan Azez etrabyna guran hüjüminde asuda ilatdan 1 adam ýogaldy.

Terrorçylar, Tel Ryfat etrabynyň Minnag etrapçasyndan, Türkiýäniň Kilis welaýatynyň golaýyndaky Siriýanyň territoriýasynyň çäginde ýerleşýän Azez etrabyna 8 aýry gezek hüjüm gurady.

Toplar bilen birlikde Katýuşa raketalary bilen hem guralan hüjümlerde ilkinji kesgitlemelere görä asuda ilatdan 1 adam ýogaldy, 13 adam ýaralandy.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri, terrorçylaryň hüjüm guran ýerlerine garşy gaubisalar bilen hüjüm gurap, garşylyk görkezdi.



Degişli Habarlar